Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin ýylyň korrupsiýa şahsyýeti saýlandy


Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin derňewçi žurnalistleriň halkara topary tarapyndan ýylyň korrupsiýa boýunça şahsy diýip atlandyryldy.

Düýbi Saraýewoda ýerleşýän we guramaçylykly jenaýat hem korrupsiýa barada maglumat berýän proekt bu beýanaty 31-nji dekabrda ýaýratdy.

Beýanatda Putiniň bu «baýrak» berlip başlaly bäri her ýyl öňe saýlanýandygy bellenilýär.

Onda aýdylmagyna görä, Putin Orsýeti ullakan pul ýuwulýan merkeze öwürmekde, gündogar Ukrainanyň Krym we Donbas sebitlerinde guramaçylykly jenaýata ýol açmak, jenaýatçylyk işlerini derňemezlik, hökümetiň jenaýatçy toparlar bilen işleşmegi we olary ulanmagy babatdaky syýasatyny ösdürmekde eden işleri üçin «ykrar» edilipdir.

XS
SM
MD
LG