Sepleriň elýeterliligi

Türkmen energiýasynyň bazar kynçylyklary


Türkmenistan, "Bagtyýarlyk" gaz ýatagynda täze zawodyň açylyş dabarasy. 7-nji maý, 2014.

Türkmenistan, "Bagtyýarlyk" gaz ýatagynda täze zawodyň açylyş dabarasy. 7-nji maý, 2014.

Türkmenistan 1991-nji ýylda, SSSR-iň dargamagy netijesinde garaşsyz bolaly bäri, öz energiýa ýollaryny, dünýäniň energiýa bazarlaryna çykmak mümkinçiliklerini giňeltmek, köp ugurly etmek barada alada edýär.

Bu alada netijesinde birnäçe proekt işlenip düzüldi we ozal diňe Orsýete tarap uzan türkmen geçirijileri bu günki gün Hytaý, Eýran taraplaryna hem çekildi.

Şol bir wagtda, türkmen energiýasynyň ýewropa bazarlaryna, Owganystanyň üsti bilen Pakistana we Hindistana çekilmegi baradaky pikir-niýetler heniz amala aşman gelýär.

Azatlyk radiosynyň nobatdaky ýörite gepleşiginde bilermenler türkmen energiýa resurslarynyň halkara bazarlaryna çykarylmak mümkinçilikleriniň töweregindäki ýagdaýa syn edip, öz pikirlerini aýtdylar.

Söhbetdeşligi Azatlyk radiosynyň Türkmen gullugynyň direktory Muhammad Tahir alyp barýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG