Sepleriň elýeterliligi

Madrid: Ewakuasiýa çäreleri geçirildi


Ispaniýanyň polisiýasy Madridiň etegindäki otlyny partlatmakda haýbat atan adamy tussag edensoň, şäheriň demirýol stansiýasynyň ewakuasiýa edilýändigi habar berilýär.

Metbugat maglumatlarynda şübheli şahs Ispaniýanyň paýtagty Madridiň günorta tarapyndan şähere girýän otlyny partlatjakdygyny mälim edensoň, Atoça demirýol stansiýasynyň ewakuasiýa edilýändigi aýdylýar.

Şübheliniň üstünde partladyjy serişdeleriň bolup-bolmandygy barada henize çenli maglumat berilmeýär.

2004-nji ýylda Madridiň çetindäki demirýol ulgamyna edilen bombaly hüjümlerde 191 adam öldürilip, 2 müňe golaýy ýaralanypdy.

XS
SM
MD
LG