Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kabul: Hüjüme owgan esgerleri jogapkär


Owganystanyň ýokary derejeli regional resmisi ýurduň Helmand welaýatyndaky toýa edilen minomýotly hüjüme owgan esgerleriniň jogapkärdigini aýtdy.

Bu wakada azyndan 20 adam öldürildi. Olaryň 17 sanysy zenanlardan we çagalardan ybarat bolup, hüjümde başga-da 50-den gowrak adam ýaralandy.

Helmand welaýat häkiminiň orunbasary Mohammad Jan Rasoulýar (Mohammad Jan Rasoulyar) öz maglumatynda: “Söweşijiler gürrüňi gidýän territoriýadaky harby barlag-gözegçilik nokadyna hüjüm edensoň, owgan güýçleri toý dabarasynyň geçirilýän sebitine minomýotlary uçurdy” diýdi.

Rasoulýaryň 2-nji ýanwarda “AFP” habar gullugyna beren maglumatyna görä, minomýotlary uçurmakda aýyplanýan owgan armiýasyna degişli harbylaryň atlary “harby suda ugradylypdyr”.

Bu waka bilen ilteşikli dört esger, şol sanda bir komandir tussag edilip, Helmand welaýatynyň paýtagty Laşkar Gah şäherine alnyp gidildi.

XS
SM
MD
LG