Sepleriň elýeterliligi

Ukrain telekanaly tankyt edilýär


Ukrainanyň iň uly telekanaly gündogar Ukrainadaky separatistleri aç-açan goldap çykyş eden rus aýdymçylarynyň gatnaşmagynda görkezen Täze Ýyl konsert dabarasy üçin tankytlara sezewar boldy.

Ukrainanyň Milli Howpsuzlyk we Goranmak geňeşiniň sekretary Oleksandr Turçynow ýurduň Telewideniýe we Radio boýunça Milli Geňeşine “Inter” atly telekanalyň rugsatnamasyny derhal çäklendirmäge çagyryş etdi.

Turçynow “Inter” atly telekanaly “Krymyň we Donbasyň basylyp alynmagyna gowy baha bermek we terrorçylary goldamak arkaly Ukrainanyň üstünden gülen” rus aýdymçylarynyň çykyşlaryny görkezmek arkaly “Ukraina döwletine garşy hereket etmekde” aýyplady.

XS
SM
MD
LG