Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Yrak: 2014-de 15 müň adam öldürildi


Yragyň hökümeti 2007-nji ýyldan soň, 2014-nji ýyl ýurtda adam ýitgileriniň iň köp bolan ýyly boldy diýýär.

Yragyň Saglygy saklaýyş, Içeri we Daşary işler ministrlikleriniň beren maglumatlaryna laýyklykda, geçen ýyl ýurtda 15 538 adam ölüpdir, şeýle-de 22 müňden gowragy ýaralanypdyr.

Bu san 2007-nji ýyldan soňky islendik ýylda öldürilen adamlaryň sanyndan ýokarydyr. 2007-nji ýylda Yrakda sünni we şaýy mezhebara ýowuzlyklary döwründe 18 müň çemesi adam öldürilipdi. 2013-nji ýylda heläk bolanlaryň sany 6 522 adama barabardyr.

XS
SM
MD
LG