Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Sazak Durdymyrady ýatlap...


Sazak Durdymyradow
Sazak Durdymyradow

Bäherdenli taryh mugallymy, Azatlyk radiosy bilen ençeme ýyllap hyzmatdaşlyk eden raýat aktiwisti Sazak Durdymyradowyň aradan çykanyna bir ýyl boldy.

Ol S.Nyýazowyň ýurdy dolandyran döwründe we ondan soňky ýyllarda syýasy partiýa döretmäge synanyp, häkimiýetler tarapyndan ýanamalara sezewar edilipdi, zor bilen ruhy hassahana ýerleşdirilipdi.

Anna güni bäherdenliler we ýurduň beýleki ýerlerinden gelen pikirdeşleri Sazak mugallymy ýagşylykda ýatlap, onuň ruhuna doga-dileg etdiler.

Azatlyk radiosy Sazak mugallymyň Bäherdendäki howlusynda guralan ýatlama çäresine gatnaşan syýasy aktiwistleriň ikisi, aşgabatly Nurberdi Nurmämmedow we Ýaýlym Begow bilen söhbetdeş boldy.

please wait

No media source currently available

0:00 0:02:41 0:00

XS
SM
MD
LG