Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Ukrain telekanaly rus aýdymçylary sebäpli basyş astynda


Oleg Gazmanow, Alla Perfilowa we Iosif Kobzon, Orsýetiň döwlet TW-si

Oleg Gazmanow, Alla Perfilowa we Iosif Kobzon, Orsýetiň döwlet TW-si

Ukrainanyň iň uly telewizion kanaly bolan “Inter” Täze ýyl baýramçylygyna bagyşlanan gepleşiginde gündogar Ukrainadaky separatistleri köpçüligiň öňünde goldan käbir orsýetli aýdymçylary efirde görkezendigi sebäpli basyş astyna düşdi.

Milli howpsuzlyk we goranmak geňeşiniň sekretary Oleksandr Turçynow ýurduň Telewideniýe we radio boýunça milli geňeşini ”Inter” telekanalynyň lisenziýasyny ýatyryp, onuň işini haýal etmezden bes etmek meselesine garamagy ündedi.

Turçynow ”Interi” “terrorçylary goldap, Krymyň we Donbasyň basylyp alynmagyny makullap, döwletiň üstünden gülen” orsýetli aýdymçylary görkezmek arkaly “Ukraina döwletine garşy hereket etmekde” aýyplady.

Ukrainanyň informasion syýasat boýunça ministri Ýuriý Stets özüniň orsýetli aýdymçylaryň Ukrainanyň telekanallarynda görkezilmegini gadagan edýän kanunyň taslamasyny hödürlemegi planlaşdyrýandygyny habar berdi.

Kobzonyň çykyşy

Moskwada ýazgy edilen täze ýyl konsertinde meşhur estrada aýdymçysy we Orsýetiň häkimiýet başyndaky syýasy partiýasynyň agzasy, parlament deputaty Iosif Kobzonyň çykyşy görkezildi. Kobzon Kremliň garaýyşlaryny goldamak bilen ýakasyny tanadan orsýetli meşhur şahslaryň ençemesiniň hatarynda Ukrainada islenilmeýän şahs diýlip yglan edilipdi.

Konsertiň bir böleginde Kobzonyň Waleria we Oleg Gazmanow bilen bilelikde serhediň geçelgesinde durandygy görkezildi. Bu üç aýdymçy Orsýetiň Ukrainadaky hereketleri bilen baglylykda Günbataryň girizen sanksiýalaryny ýaňsylap, aýdym aýdýarlar.

Bu konsert Ukrainada sosial medialarda güýçli tankytlary tutaşdyrdy.

Telekanalyň pozisiýasy

”Inter” nädogry hereket edendigini inkär edýär we özüne edilýän basyşlary “media garşy syýasy gysyş” diýip atlandyrýar.

“Programmanyň tertibi Täze ýyl baýramçylygyny bellemek boýunça öňden gelýän tejribelere laýyklykda we Ukrainanyň kanunlarynyň çäginde düzüldi” diýip, telekanalyň beýannamasynda aýdylýar.

Ukrain aktiwistleri ”Inter” telekanalyny 2014-nji ýylda Orsýetiň telegepleşiklerini köp alyp görkezmekde, şol sanda Orsýetiň goşunyny mahabatlandyryjy filmleri görkezmekde aýyplaýarlar.

Gündogar Ukrainadaky ýagdaý

Ukrainanyň hökümet güýçleri ýurduň gündogarynda orsýetçi separatist gozgalaňçylar bilen söweşýärler. Donetsk we Lugansk regionlarynda pitneçiler öz-özüni jar eden “Halk respublikalaryny” esaslandyrdylar.

Kiýew we NATO Orsýeti bu regionlarda dartgynlylygy tutaşdyrmakda we gozgalaňçylara gös-göni harby ýardam bermekde aýyplaýarlar.

Moskwa özüne garşy bildirilýän aýyplamalary ret edýär.

Bu regiondaky konflikt zerarly geçen ýylyň aprel aýyndan bäri 4 700-den gowrak adam wepat boldy.

XS
SM
MD
LG