Sepleriň elýeterliligi

Toý gandöküşliginde esgerler günälenýär


Owganlar toý dabarasynyň oka tutulan ýerine toplandylar, Sangin etraby, 1-nji ýanwar, 2015 ý.

Owganlar toý dabarasynyň oka tutulan ýerine toplandylar, Sangin etraby, 1-nji ýanwar, 2015 ý.

Owgan resmileri günortadaky Helmand welaýatynda tutulan toýda azyndan 27 adamyň başyna ýeten minomýot zarbasyny esgerlerden gördüler.

31-nji dekabrdaky minomýot zarbalaryndan ölenleriň arasynda aýallar we çagalar hem bar, 50-den gowrak adam bolsa ýaralandy.

Helmand gubernatorynyň sözçüsi Omar Zwak 2-nji ýanwarda Azat Ýewropa we Azatlyk radiosynyň Owgan gullugyna beren gürrüňinde bu hüjümde günälenýänleriň tussag edilendigini aýtdy.

Ol şeýle diýdi: "Olar häzir welaýatyň paýtagtyndaky [Laşkar Gah] merkezi harby bazada we derňew astynda."

Owgan parlamentiniň ýokary palatasynyň agzasy Haşem Alekozaý welaýat gubernatorynyň bu hüjüm sebäpli işden çekilmelidigini aýtdy.

Ol şeýle diýdi: "Helmandyň adminstrasiýasy örän gowşak. Ol bize howpsuzlyk getirmeýär we howpsuzlyk güýçleri biziň halkymyzyň başyna betbagtçylyk inderýär, biziň adamlarymyzy öldürýänleri jogapkärçilige çekmegi başarmaýar."

Alekozaý ýene şeýle diýdi: "[Helmand gubernatorynyň edarasy] öz wezipesini ýerine ýetirmegiň hötdesinden gelip bilmedi. Gubernatoryň, prezidente we Helmand halkyna hormat-sylagyny görkezmek üçin, öz wezipesinden çekilmegi gerek."

Helmandyň gubernatorynyň orunbasary Mohammad Jan Rasoulyar esgerleriň toý dabarasyny minomýot tapgyryna tutandyklaryny, bu wakanyň jeňçiler şol töwerekde goşunyň barlag nokadyna hüjüm edenden soň bolandygyny aýtdy.

Ol 2-nji ýanwarda AFP habar gullugyna Owgan goşunynyň toý üýşmeleňini oka tutmakda aýyplanýan esgerleriniň harby tribunala berlendigini aýtdy.

Dört esger, şol sanda bir komandir tussag edilip, Laşkar Gaha eltildi.

Welaýatda onlarça adam, hökümetiň adalata gulluk etmegini talap edip, protest gurnamagyny dowam etdirdi.

Iňlisçeden terjime eden Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG