Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Wengriýalylar protest bildirýär


Müňlerçe wengriýaly, öz garaýyşlaryndan, hökümetleriniň Orsýete ýakynlaşmagyna garşy proteste çykdy.

Bäş müň çemesi adam 2-nji ýanwarda Budapeştdäki Opera öýüniň öňüne ýygnanyp, premýer-ministr Wiktor Orbany moskwaçy hereketleri üçin tankyt etdi.

Wengriýada oktýabr aýyndan, Orbanyň hökümeti internet ulanylmagyna salgyt salmagy teklip edeli bäri demonstrasiýa geçirilýär.

Orbanyň partiýasy geçen ýylyň başynda geçirilen üç saýlawda ýeňiji bolan hem bolsa, 2014-nji ýylyň aýagynda onuň jemgyýetçilik goldawy pese gaçdy.

Protestçileriň biri onuň hökümetiniň Wengriýany Orsýetiň täsirine salmagyndan biynjalyk bolandygyny aýtdy. Ol bu aladasyny Orsýetden Wengriýanyň ýadro elektrik stansiýasyny giňeltmek üçin 10 milliard ýewro karz alynmagy bilen delillendirdi.

Ýene bir protest bolsa 1-nji fewrala, german kansleriniň Wengriýa sapara geljek wagtynyň öň ýanyna planlaşdyrylýar.

XS
SM
MD
LG