Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Palestinalylar HJS-a resmi arza berdi


Palestinanyň häkimiýeti, Ysraýyly uruş jenaýatlary üçin jogapkärçilige çekmek tagallasynyň çäginde, Halkara Jenaýat suduna goşulmak baradaky resmi dokumentlerini tabşyrdy.

Ysraýyl Palestinanyň HJS-a goşuljak bolmagyna garşy jogap çäresini görmek haýbatyny atdy. Palestinanyň bu kararyna Birleşen Ştatlar hem berk garşylyk bildirdi.

Palestinanyň ilçisi Riýad Mansur 2-nji ýanwarda Halkara Jenaýat suduna agza bolmakdan yzarlanýan maksadyň Ysraýyl tarapyndan amala aşyryldy diýilýän uruş jenaýatlary meselesini, şol sanda onuň geçen tomus Gaza zolagynda turzan urşy baradaky meseläni gozgamakdan ybaratdygyny aýtdy.

Şeýle-de ol palestinalylar HJS bilen Ysraýylyň palestin topraklarynda oba gurmagy baradaky meseläni-de çözmekçi bolýar diýdi.

Mansur «Palestin döwletiniň» HJS-a 123-nji agza hökmünde kabul edilip-edilmejegi baradaky kararyň çykmagy 60 gün çemesi wagt alar diýdi.

XS
SM
MD
LG