Sepleriň elýeterliligi

logo-print

YD Yrakda 170 adamy ogurlady


«Yslam döwleti» toparynyň söweşijileri demirgazyk Yrakda, öz gara baýdaklaryny otlandyklary üçin, 170 töweregi adamy alyp gaçdy.

Yragyň aňtaw ofiseri AP habar gullugyna 3-nji ýanwarda beren gürrüňinde alnyp gaçylan adamlaryň Kerkuk welaýatyndaky Al-Şajara we Garib obalarynyň ýaşaýjylarydygygyny aýtdy.

Bu waka şu etrapda YD toparynyň iki sany gara baýdagy otlanandan soň bolupdyr.

Aňtaw ofiseri ogurlanan adamlaryň 30 sany maşynda, Hawija şäheriniň golaýyna äkidilendigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG