Sepleriň elýeterliligi

Yrakda, Siriýada sünni ruhanylary öldürildi


Yragyň premýer-ministri Haýdar al-Abadi Basra şäheriniň golaýynda üç sünni ruhanysynyň öldürilip, ýene ikisiniň ýaralanmagyny berk derňemegi buýurdy.

Abadi 2-nji ýanwarda jenaýatçylaryň tutulyp, jogapkärçilige çekilmegini buýurdy. Polisiýa 1-nji ýanwarda dört sany ýaragly adamyň ruhanylaryň münüp gelýän maşynyny oka tutandygyny aýtdy.

Polisiýanyň maglumatyna görä, öldürilen ruhanylaryň birine YD toparynyň agzalary ozal ölüm haýbatyny atypdyr.

Şu arada, Siriýanyň Kobani şäherinde YD-nyň tanymal ruhanysy Osman al-Nazeh Assiri öldürildi. Ol 2-nji ýanwarda urlan howa zarbalaryndan ölüpdir.

Birleşen Ştatlar we onuň ýaranlary 2-nji ýanwarda Siriýadaky YD pozisiýalaryna 23 zarba urandyklaryny aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG