Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Liwiýada müsürli hristianlar ogurlandy


Şaýatlar merkezi Liwiýada ýüzi perdeli adamlaryň 3-nji ýanwarda kopt hristianlarynyň 13 sanysyny alyp gaçandyklaryny aýdýarlar.

Bir gün ozal hem ýedi adam alnyp gaçylypdy. Liwiýanyň Sirte şäherinde ýaşaýan kopt hristianlary 15 sany ýaragly adamyň daşary ýurtly işçileriň ýaşaýan ýerine gelip, musulmanlar bilen hristianlaryň arasyny açmak üçin adamlaryň şahsy dokumentlerini barlandyklaryny aýtdylar.

Soň olar hristianlaryň ellerine gandal urup, olary maşynlara mündürip, alyp gidipdirler.

Işçileriň dogduk şäheriniň, Müsüriň günortasyndaky Samaloutyň kopt ruhanysy ol adamlaryň alnyp gaçylandygyny tassyk etdi we şu hepde Sirte şäherinde hem ýedi hristianyň alnyp gaçylandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG