Sepleriň elýeterliligi

Ukrainanyň separatist komandiri öldürildi


Gündogar Ukrainada separatist harby birikmesiniň komandiri öldürileninden soň, onuň gizlin türmesiniň bolandygy we ol ýerde yzygiderli adam gynalandygy barada maglumatlar ýaýrady.

Ol, görnüşinden, öz separatist ýolbaşlary tarapyndan öldürilipdir. Öz-özüni jar eden Luhansk halk respublikasy 2-nji ýanwarda çap eden beýanatynda «Batman» lakamly Aleksandr Bednowyň ýogalandygyny tassyk etdi.

Ol LHR-iň 4-nji brigadasyna komandirlik edýärdi.

Prokuraturanyň dekabryň aýagynda çap eden beýanatynda Bednowyň we onuň harby birikmesiniň beýleki birnäçe agzasynyň gözlenýändigi, olaryň separatistleriň garamagyndaky binanyň ýerzemininde adam gynamakda aýyplanýandygy aýdylypdy.

Prokuratura edarasy Bednowyň 1-nji ýanwarda, tussag edilmäge garşylyk görkezjek bolanda öldürilendigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG