Sepleriň elýeterliligi

Orsýet: Ministr özüni öldürene meňzeýär


Orsýetiň Mariý El ruspublikasynyň resmileri Içeri işler ministrliginiň baştutanynyň özüni öldürene meňzeýändigini aýdýarlar.

Resmiler Wýaçeslaw Buşnewiň jesediniň 3-nji ýanwarda, respublikanyň paýtagty Ýuşkar-Oladaky iş jaýyndan tapylandygyny aýtdylar.

Buşnew resmi taýdan dynç alyşda eken, emma sekretary onuň käte ol-bu işlerini etmek üçin işe gelendigini aýtdy.

Polisiýa Buşnewiň 3-nji ýanwarda öz edarasyna gelip, iş jaýyna girendigini, şondan az wagt soň sekretar aýalyň tüpeň sesini eşidendigini habar berdi.

Buşnew Içeri işler ministrligine 1983-nji ýylda goşuldy we 2011-nji ýyldan bäri Mariý El respublikasynyň içeri işler ministri bolup işledi.

XS
SM
MD
LG