Sepleriň elýeterliligi

Pakistan 31 jeňçini öldürendigini aýdýar


Pakistanyň harbylary Owganystan bilen serhetdäki tire sebitlerine täze urlan howa zarbalarynda 31 jeňçiniň ölendigini aýdýar.

Goşunyň 4-nji ýanwardaky beýanatynda aýdylmagyna görä, 2-nji ýanwardaky zarbalar Haýber sebitindäki Tirah jülgesini nyşana alypdyr.

Beýanatda bu hüjüm netijesinde jeňçileriň dört bukusynyň we janyndan geçen bombaçylara tälim berilýän merkeziň weýran edilendigi aýdylýar.

Pakistanyň harbylary Demirgazyk Waziristanda geçen ýazda başlanan hüjümden bäri 1200-den gowrak jeňçiniň öldürilendigini aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG