Sepleriň elýeterliligi

Eýran ylalaşyk ýok diýýär


Eýran Birleşen Ştatlar bilen Tähranyň ýadro ýaraglaryny ýasamak ukybyny azaltmaga gönükdirilen ylalaşyga gelendigi baradaky habarlary ret edýär.

Assoşeýted Pres 2-nji ýanwarda iki sany ady aýdylmaýan diplomata salgylanyp, olaryň Eýran özüniň baýlaşdyrylan uranynyň uly bölegini, ýadro ýaragyny ýasamakda esasy materialy Orsýete ugratmak baradaky deslapky ylalaşyga razy boldy diýendiklerini habar berdi.

Emma muňa garamazdan, Eýranyň Daşary işler ministrliginiň sözçüsi Marziýeh Afkham 3-nji ýanwarda ylalaşyk gazanylmandygyny aýtdy.

Eýran özüniň ýadro ýaragyny edinmek islemeýändigini aýdýar, emma Günbatar sanksiýalarynyň ýatyrylmagyny umyt edip, ABŞ, Orsýet, Hytaý, Britaniýa, Fransiýa we Germaniýa bilen öz ýadro programmasyny kemeltmek barada gepleşik geçirýär.

XS
SM
MD
LG