Sepleriň elýeterliligi

Netanýahu ysraýyl esgerlerini suda çekdirmen diýýär


Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu Pelestinanyň häkimiýeti Halkara Jenaýat suduna goşulmak tagallasy bilen özüni Ysraýylyň «göni garşysynda goýýar» diýdi.

Netanýahu 4-nji ýanwarda özüniň «ysraýyl esgerleriniň we komandirleriniň Haagadaky Halkara suduna çekilmegine ýol bermejegini» aýtdy.

Palestin resmileri 2-nji ýanwarda Halkara Jenaýat suduna goşulmak üçin arza berdiler.

Bu ädime Ysraýyl we ABŞ berk garşy boldy.

Ysraýyl bu ädime jogap hökmünde 3-nji ýanwarda Palestinanyň hökümetine salgyt girdejileriniň geçirilmegini togtatdy.

XS
SM
MD
LG