Sepleriň elýeterliligi

Elin et ýene gymmatlady


Häzir elin etiň bir kilogramy 19-20 manat töweregi.

Häzir elin etiň bir kilogramy 19-20 manat töweregi.

Täze ýyl baýramy gijesi geçensoň paýtagtyň bazarlarynda elin et nobatlary hem gutardy. Bazarlarda häzir hem elin ete duş gelmek bolýar. Özi-de sygyr, goýun we düýe eti bar. Ýöne elin etiň bahasy geçen ýylkydan 6 manat ýokary galdy we ol indi 18 manatdan satylýar.

Bazarlarda häzir mundan öňki ýaly bir kilogramy 11-12 manatdan elin et ýok. Bu bahadan diňe Hindistandan getirilen gäwmiş hem-de Ukrainadan getirilen sygyr eti satylýar.

Ýeri gelende aýtsak, elin etiň häzirki bazardaky bahasy hususy etçileriň satýan elin etiniň bahasyna golaý. Olarda häzir elin etiň bir kilogramy 19-20 manat töweregi. Emma hususy etçiler bazarlarda et satmaýarlar.

Häzir paýtagtyň bazarlarynda, esasan, hökümete degişli etçiler işleýärler we olar döwlete degişli mallaryň elin etini hem-de daşary ýurtlardan getirilýän doň etleri satýarlar.

Mälim bolşy ýaly, 2012-nji ýylda azyk önümleri gymmatlanda, elin et hem gymmatlapdy. Emma häkimiýetler onuň bahasyny bir derejede saklamak maksady bilen elin etiň bir kilogramyny 11-12 manatdan satmagy talap etdiler.

Häkimiýetleriň bu talaplaryna boýun bolmadyk etçileriň ählisi bazarlardan çykaryldy. Etçiler bilen birlikde elin et hem bazarlardan ýitip gitdi diýen ýaly. Soňky iki ýylyň dowamynda bazarlarda kilogramy 12 manatdan elin et juda seýrek satyldy. Ol satylan mahaly hem onuň bilen süňk ýa-da malyň içgoşy goşulyp satylýardy.

"Sowgat"

Elbetde, käte-käte elin et halka baýramçylyk sowgady hökmünde bazarlara çykarylýardy. Geçen ýylyň dowamynda hem käbir baýramçylyklaryň öňüsyrasynda elin et bazara çykarylypdy.

Mysal üçin, Konstitusiýa güni baýramynyň 2-3 gün öň ýanynda we prezident Berdimuhamedowyň doglan gününiň öňüsyrasynda hem paýtagtyň bazarlarynda kilogramy 12 manat bolan elin ete duş gelse bolýardy.

Geçen ýylyň dekabr aýynyň başynda-da, golaýlaýan uly baýramçylyk mynasybetli, paýtagtyň bazarlarynda tä Täze ýyl baýramyna çenli kilogramy 12 manatdan elin et satyldy. Netijede geçen ýylyň dekabrynda bu etden aljak bolýan adamlardan bazarlarda uzyn nobatlar emele geldi. Onsoň, tertip-düzgüni saklamak üçin, elin et ýörite gulluklaryň gözegçiliginde satyldy.

Elbetde, baýramçylyklar gutaransoň, adatça, bazarlarda arzan bahadan satylýan elin et hem gutarýar. Bu gezegem hut şeýle boldy.

Bellemeli zat, häzirki wagtda hem elin etiň söwdasyna et dükanlarynda ýörite gulluklaryň işgärleri gözegçillik edýärler.

Degişli makalalar

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG