Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýadaky terrorçylaryň täze ýaragy… poeziýa


Terrorçylaryň täze ýaragy diňe "kalaşnikow" däl, eýsem poeziýadyr.

"Yslam döwleti" atly ýaragly topar internetden, sosial mediýadan diňe bir özlerine tarapdar hem janköýer ýygnamak üçin däl, eýse öz ideologiýalaryny ýaýratmak üçin hem giňişleýin peýdalanýarlar.

Abukaka Britani
Abukaka Britani

Ýaragly toparyň asly Britaniýadan bolan bir agzasy golaýda "Abukaka Britani" diýen lakam bilen şygyrlaryny sosial ulgam bolan Twitterde ýaýratdy. (Onuň sahypasy soň ýapylypdyr).

Ol "kapyrlara garşy göreşini" şygyr görnüşinde beýan edýär we "şehit bolmaklygyň ajaýyplygyny" taryp edýär. Ol şeýle ýazýar: "Amerikanyň söweş uçarlary bolsa-da, "Yslam döwleti" uruşda ýeňiş gazanar":

"Olaryň söweş uçarlary bar,

Ýöne Alla ondan has ýokarda,

Şehit bolmak - ölmeklik däl -

Ýalan gürlemeli däl -

Şehit – bu esger ruhun beren,

Ony alan hem Alladyr.

Kapyrlar üçin bu bir jähennem odudyr". (Setirleýin terjime)

Abukaka Siriýada söweşýän we "jyhat poeziýasynyň" nusgalaryny köpçüligiň dykgatyna ýetirýän ýeke-täk şahyr däl. Demirgazyk Kawkazdan söweşmäge gelenleriň arasynda hem şeýle şahyrlar bar. "VKontakte" sosial ulgamynda "Poeziýa džihada" atly bir topar hem bar. Şol sahypany Siriýada söweşýän yaragly çeçen topary alyp barýar.

Olaryň köpçülige hödürleýän şygyrlarynyň esasy mazmuny bolsa "söweş meýdanynda uruşmaklyk we ölmeklik", "zenanlaryň kapyrlardan goralmagy" we şuňa meňzeşler.

Ýazgarýan manydaky şygyrlaryň tankyt merkezinde bolsa "internetde bukulyp oturanlar, jyhat meýdanyna girmäge gorkýanlar, Siriýada çykgynsyz ýagdaýa duçar bolanlary unudanlar" hem bar. Ýaragly toparlara degişli ”khilafa.org” internet sahypasynda bolsa bu temadan ýerleşdirilen rus dilindäki şygyrlarda şeýle diýilýär:

"Sen öz halkyň tagamly naharlaryndan söz açyp, ulumsyraýarsyň,

Hinkali (gürji nahary), çudi (Azerbaýjanyň nahary), kurzi (Dagystanyň nahary), manty (Özbek nahary)...

Diýseň tagamly hem lezzetli kebaplar, näz-nygmatlar,

Ýanynda hem dürli salatlar...

Şeýlelik-de açlykdan ölýän ýigitler bir salym ýatdan çykýar..."

"Jyhat poeziýasy" diňe bir Siriýada döränok. "Al-Kaida" terror guramasynyň baştutany Usama Bin Laden hem şygyr düzýän ekeni.

Onuň şygyrlaryndan käbiri 2001-nji ýylda Owganystana baran NATO-nyň esgerleriniň geçiren gözleg-aňtaw işleri mahalynda tapylypdyr.

Bil Laden aýraçylyk, hyýanat ýaly temalarda şygyr düzüpdir we arap ýurtlaryny "Owganystanyň basylyp alynmagyna garşy çykmaýandyklary" sebäpli ýazgarypdyr.

Agzalýan şygyrlar diňe bir tema taýdan däl, eýse forma taýdanam tapawutlanýar: Abukaka Britani öz şygyrlaryny erkin goşgy görnüşinde düzse, Bin Laden öz goşgularyny aruz şygyr ölçeginde düzüpdir.

XS
SM
MD
LG