Sepleriň elýeterliligi

Rohani: Göni saýlawlar bolup biler


Eýranyň prezidenti Hasan Rohani.

Eýranyň prezidenti Hasan Rohani.

Eýranyň prezidenti milli bähbitleri öz içine alýan meseleler dogrusynda gönümel saýlawlary geçirmek arkaly ýurduň konserwatiw guramalaryndan sowa geçmegi göz öňünde tutup biljekdigini mälim etdi.

Eýranyň prezidenti Hasan Rohani ykdysady konferensiýada eden çykyşynda: "Ykdysady, sosial we medeni ähmiýetli meseleleri parlamentde çözmegiň deregine gönümel referendum geçirmek arkaly çözülse gowy bolardy" diýdi.

Eýranyň 1979-njy ýylda kabul edilen konstitusiýasy ýurtda seýrek ulanylýan bölümi öz içine alýar. Bu bölüm milli bähbitleri öz içine alýan meseleler dogrusynda ählumumy saýlawlary geçirmäge rugsat berýär.

Eýranyň ykdysadyýeti Tähranyň ýadro programmasy boýunça Günbatar ýurtlary tarapyndan girizilen sanksiýalar sebäpli ejir çekýär.

XS
SM
MD
LG