Sepleriň elýeterliligi

Rus aktiwisti karary şikaýat etjek diýýär


Russiýada hökümete degişli däl guramanyň ýolbaşçysynyň ady rus resmileri tarapyndan “daşary ýurt agentleri” atly sanawa girizildi.

Russiýanyň Adalat ministrliginiň talaby esasynda ýurduň Wolgograd şäherindäki hökümete degişli däl guramanyň ady “daşary ýurt agentleri” atly sanawa goşuldy.

Düýbi Wolgograd şäherinde ýerleşýän “Maslahat we tälim beriji ýaşlar merkeziniň” ýolbaşçysy Temur Kobaliýanyň 5-nji ýanwarda Azatlyk Radiosyna beren maglumatyna görä, Kobaliýanyň gürji-rus forumyna ýolbaşçylyk etmegi, Adalat ministrliginiň agzalýan guramanyň adyny “daşary ýurt agentleri” atly sanawa goşmagyna itergi beripdir.

Asly Gürjüstanly Kobaliýa ministrligiň çykaran kararyny şikaýat etjekdigini sözüniň üstüne goşdy.

Russiýadaky hukuk goraýjy aktiwistler daşary ýurtlar tarapyndan maliýeleşdirilýän hökümete degişli däl guramalaryň aglabasynyň atlaryny “daşary ýurt agenti” atly sanawa goşmagy talap edýän kanunyň ýurtdaky raýat jemgyýetlerine edilýän basyşyň bir bölegidigini aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG