Sepleriň elýeterliligi

Kabul: ÝB-niň ulagyna hüjüm edildi


Owganystanyň paýtagty Kabulda janyndan geçen bombaçy Ýewropa Bileleşiginiň polisiýa ulagyna hüjüm etdi. Bu wakanyň netijesinde ýoldan geçip barýan bir adam heläk boldy.

Ýewropa Bileleşiginiň Owganystandaky polisiýa missiýasynyň berýän maglumatyna görä, bu hüjüm 5-nji ýanwarda toparyň Kabuldaky baş edarasynyň golaýynda bolup, ol janyndan geçen bombaçynyň öz ulagyny missiýanyň ulagynyň golaýynda partlatmagy netijesinde ýüze çykypdyr.

Bu wakada Ýewropa Bileleşiginiň polisiýa ulagyndaky hiç kime zeper ýetmedi, ýöne ýoldan geçip barýan alty adam ýaralandy. Olaryň biri keselhana ýerleşdirilenden soň aradan çykdy.

“Talyban” hereketi Twitter sosial ulgamy arkaly ýaýradan beýanatynda hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne aldy.

XS
SM
MD
LG