Sepleriň elýeterliligi

Ýaponiýa: Nahary ýuwaş çeýnemek maslahat berilýär


Ýaponiýanyň resmileri Täze Ýyl baýramçylygy mynasybetli bişirilýän tüwi gutaby sebäpli azyndan dokuz adam düwünip ölensoň, raýatlara öz agzyndaky nahary ýuwaş-ýuwaşdan çeýnemäge çagyryş etdiler.

“Moçi” diýlip atlandyrylýan tüwüden bişirlen ýelmeşegen gutaplar Ýaponiýada Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli bişirilýän milli naharlaryň biridir. Şol bir wagtyň özünde şireli, ýelmeşegen bu gutaplaryň adamyň bokurdagynda düwünip galýan wagtlary hem bolýar.

“Yomiuri Shimbun” atly neşiriň 3-nji ýanwarda beren maglumatyna görä, Täze Ýyl dabaralary döwründe moçi nahary sebäpli 128 adam keselhana ýerleşdirilip, olaryň dokuz sanysy ölüpdir.

Ýaponiýanyň paýtagty Tokýonyň Ýangyn departamenti raýatlara moçi gutaplaryny kiçi böleklere bölüp, ony ýuwaş-ýuwaşdan çeýnemegi maslahat berdi.

XS
SM
MD
LG