Sepleriň elýeterliligi

Kabulda ÝB-niň ulagyna hüjüm edildi


Kabulda janyndan geçen hüjümçiniň awtoulagy Ýewropa Bileleşiginiň polisiýasynyň ulagyna baryp uruldy we geçip barýan bir owganystanlyny öldürdi.

Ýewropa Bileleşiginiň Owganystandaky Polisiýa missiýasy (EUPOL) 5-nji ýanwarda bolan partlamanyň Kabulyň gündogar çetindäki edarasynyň golaýynda öz ulagyna içi partlaýjy jisimli näbelli bir awtoulagyň eden hüjümi zerarly bolandygyny habar berdi.

Polisiýa missiýasynyň ulagynyň içindäkileriň hiç birine zeper ýetmändir, emma partlamanyň bolan ýerinde parahat ilatdan alty sany adam ýaralanyp, olardan biri soňra ölüpdir.

“Talyban” Twitter arkaly ýaýradan maglumatynda bu hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne aldy.

NATO-nyň söweş missiýasy

Bu hüjüm, NATO-nyň ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky söweş missiýasy tamamlanyp, ýurtda howpsuzlyk boýunça jogapkärçiligi owgan goşunlaryna tabşyrandan sanlyja gün soňra bolup geçdi.

Owganystanyň prezidenti Aşraf Gani Waşingtony ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky goldaw beriji güýçleriň Owganystandan çykarylmagynyň öňden planlaşdyrylan 2016-njy ýylda amala aşyrylmaly gün tertibine “gaýtadan garamaga” çagyrdy.

4-nji ýanwarda ABŞ-nyň telewideniýesinde täzelikler gepleşiginde eden çykyşynda Aşraf Gani plana görä kesgitlenen soňky wagt möhletine üns bermelidigini, emma onuň üýtgewsiz “dogma” bolmaly däldigini belledi.

Gani eger ähli taraplar umumy maksada ýetilmegi üçin elinden gelenini eden bolsalar, “bellenen wagt möhletine gaýtadan seretmäge isleg bolmaly” diýip, sözüniň üstüni ýetirdi.

2001-nji ýylda ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky koalision güýçler Owganystana goşun salyp, 11-nji sentýabrda amerikan şäherlerinde amala aşyrylan terrorçylykly hüjümleriň başynda duranlara pena berendigi üçin “Talybany” häkimiýetden agdarypdy we soňra Owganystanda ýerleşdirilen daşary ýurt harbylarynyň sany 140 000 adama ýetirilipdi.

13 000 çemesi harby, esasan amerikanlar, iki ýyllyk türgenleşik we goldaw missiýasynyň çäginde Owganystanda galarlar.

"Talybanyň" hüjümleri

Ganiniň çykyşy owganystanlylaryň ýurtdaky harby we howpsuzlyk operasiýalara gözegçiligi öz üstüne almaga taýýar däldigi baradaky barha artýan aladalanmalardan habar berýär.

Kabul soňky hepdelerde köp sanly hüjümleriň nyşanyna öwrüldi. ”Talyban” hökümet, harby we daşary ýurt edaralaryna hüjüm etdi. Owgan goşunyna garşy hem heläkçilikli hüjümler amala aşyryldy.

Helmand welaýatynda “Talybana” garşy söweş alyp barýan harbylaryň 31-nji dekabrda atan oky toý geçýän ýeriň golaýyna düşdi we 28 adamyň, şol sanda aýallaryň hem çagalaryň ölümine sebäp boldy.

Bu waka bilen baglanyşykly agzalan wakanyň yz ýany iki esger tussag edildi.

Prezident Gani şol günüň özünde eden Täze ýyl ýüzlenmesinde owganlary öz howpsuzlyk güýçlerini goldamaga çagyrdy.

Ol Owganystany, “problemalara garamazdan, howpsuzlyk we syýasy geçişi netijeli jemlemäge” ukyplylygy bilen gutlady.

XS
SM
MD
LG