Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyz oppozisiýa wekiliniň kitaby howsala döretdi


Gyrgyzystanda oppozision syýasatçysynyň kitabynda orta atylýan öňe sürmeler howsala döretdi.

Öňki “Ata-Jurt”, ýagny “Ata-watan” partiýasynyň kanunçykaryjysy Sadyr Japarow häzirki wagt daşary ýurtda ýaşaýar we onuň “Syýasatda 10 ýyl” atly kitaby internet ulgamlarynda peýda boldy. Ol heniz kitap görnüşinde çap edilmedi.

Japarow gürrüňi gidýän kitapda 2011-nji ýylda gyrgyz prezidenti Almazbek Atambaýewiň, öňki prezident Roza Otunbaýewanyň we käbir beýleki resmileriň Türkiýä ep-esli mukdardaky altyny gizlin geçirmäge gatnaşandygyny öňe sürýär.

Kitapda aýyplanýan resmileriň biri, ýagny Yssyk-köl regionynyň häkimi Emilbek Kaptagaýew aýyplamalary “ýalan” diýip häsiýetlendirip ýazgardy.

Şol bir wagtyň özünde Gyrgyzystanyň öňki baş prokurory Kubatbek Baibolow gürrüňi gidýän aýyplamalaryň ählisiniň derňelmelidigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG