Sepleriň elýeterliligi

Şazada Ali FIFA-nyň prezidentligine dalaş etjek diýýär


Halkara Futbol federasiýasy – FIFA-nyň wise prezidenti bu guramanyň ýolbaşçysy Sepp Blatteriň ýerine geçmek üçin saýlawlara gatnaşjakdygyny aýtdy.

6-njy ýanwarda Iordaniýanyň şazadasy Ali Bin Al Hussein FIFA-nyň 29-njy maýda geçiriljek nobatdaky prezidentlik saýlawlaryna dalaş etjekdigini mälim etdi.

39 ýaşyndaky şazada Aliniň beýanatynda, futbol federasiýasynda “öwrülişik etmegiň wagty geldi” diýilýär.

Blatteriň 17 ýyllap wezipede bolan döwrüniň dowamynda Halkara futbol federasiýasy, ýagny FIFA korrupsiýa aýyplamalary bilen yzygiderli ýüzbe-ýüz boldy.

XS
SM
MD
LG