Sepleriň elýeterliligi

Ogwanystan: ABŞ esgerleriň tertibinde üýtgetme ýok diýýär


Birleşen Ştatlaryň harbysy Owganystandaky daşary ýurt güýçleriniň sanawynyň kemeldilmegi dogrusyndaky tertipde üýtgetmäniň ýokdugyny aýtdy. Bu owgan prezidenti Aşraf Ganiniň gürrüňi gidýän meselä “gaýtadan garamaga” çagyrmagynyň yzýany mälim edildi.

Pentagonyň metbugat wekili we Birleşen Ştatlaryň armiýasynyň polkownigi Stew Warren (Steve Warren) özüniň 5-nji ýanwarda beren maglumatynda Birleşen Ştatlaryň “planlarynyň öňküligine saklanyp galýandaygyny we bellenilen tertipde üýtgetmäniň ýokdugyny” belledi.

Geçen aýyň ahyrynda NATO-nyň Owganystandaky uruş missiýasy tamamlanandan soň, Birleşen Ştatlar Ogwanystanda 10 800 çemesi goşunyny saklap galdy. Bu san Owganystandaky 13 000 çemesi daşary ýurt goşunynyň aglabasyny emele getirýär.

XS
SM
MD
LG