Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dollaryň galmagy we türkmen ýaşlary


Amerikan dollaryny saklap duran adam eli.
Amerikan dollaryny saklap duran adam eli.

Türkmenistanyň milli pul birliginiň - manadyň hümmetiniň dollara garanda peselmegi şu günler türkmenistanlylary, şol sanda daşary ýurtlarda bilim alýan türkmen ýaşlaryny we olaryň ene-atalaryny iň köp alada goýýan meseleleriň biri bolsa gerek.

Mundan ozal ene-atalar daşary ýurtda bilim alýan çagalary üçin okuw we sowalga pullaryny ugradanda, amerikan dollaryny 2,85 manatdan çalyşýan bolsa, häzirki wagt olar 1 amerikan dollaryny 3,50 manada satyn almaly bolýarlar.

Eýsem, manadyň hümmetiniň amerikan dollaryna garaňda peselmegi daşary ýurtlarda okaýan türkmen ýaşlarynyň sowalga we okuw töleglerine nähili täsir ýetirdi? Bu mesele babatynda türkmenistanly ýaşlar nähili tejribeleri başdan geçirýärler?

Täze Tolkun ýaşlar gepleşigimiziň nobatdaky sanynda şu mesele boýunça gürrüň ederis. Bu baradaky garaýyşlaryňyzy, öz başdan geçirýän biziň bilen paýlaşmaga çagyrýarys. Öz garaýyşlaryňyzy gepleşigimize gatnaşyp beýan etmek isleseňiz, biziň metbugat@gmail.kom email adresimize hat ugradyp bilersiňiz.

XS
SM
MD
LG