Sepleriň elýeterliligi

Owgan hökümeti henizem düzülmedi


Owganystanyň prezidenti Aşraf Gani

Owganystanyň prezidenti Aşraf Gani

6-njy ýanwarda Owganystanyň prezidenti Aşraf Ganiniň döwlet başyndaky ilkinji 100 günlük prezidentlik möhleti doldy. Şol bir wagtda-da Gani henizem täze Ministrler Kabinetini düzmek ugrunda özüniň bütewülik hökümetiniň ýerine ýetiriji ýolbaşçysy Abdyllah Abdyllah bilen göreşip gelýär.

Hökümetdäki ýokary wezipeleriň üstünde barýan jedeller Ganiniň saýlawlaryň yzysüre öňe sürlen galplykdaky aýyplamalar zerarly dörän dawalardan çykalga tapmak ugrundaky tagallalarynyň häkimiýeti paýlaşmak boýunça geçen ýylyň sentýabrynda gelnen ylalaşyklary durmuşa geçirmekde kynçylyklara uçrandygyny görkezdi.

Şol ylalaşyk graždanlyk urşunyň öňüni almak maksadyna gönükdirilipdi, emma hökümeti düzmek meselesinde dörän häzirki çykgynsyzlyk “Talybanyň” gozgalaňlaryny hasam güýçlendirmek howpuny artdyrýar.

“Talyban” ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky halkara harby goşunlarynyň aglaba böleginiň ýurtdan çykarylmagynyň we howpsuzlyk jogapkärçiliginiň owgan goşunlaryna tabşyrylmagynyň yzysüre öz hüjümlerini hasam güýçlendirdi.
Owganystanda 140 müň adamlyk halkara goşunlaryna derek “aýgytly goldaw” atly täze iki ýyllyk missiýanyň çäginde häzirki wagtda 13 müň adamdan ybarat daşary ýurt harbylary galýar.

Aşraf Ghani 4-nji ýanwarda eden çykyşynda ABŞ-nyň goşunlarynyň Owganystanda galmagyna degişli möhlete Waşingtonyň gaýtadan “seredip” biljekdigini aýtdy.

5-nji ýanwarda Pentagon agzalan wagt möhleti bilen bagly planlaryň üýtgedilmändigini aýtdy.

Ak tamyň metbugat sekretary Josh Earnest Owganystanyň prezidenti Aşraf Ganiniň ABŞ-nyň Owganystanda öz harbylarynyň ýurtdan çykmagyna degişli möhlete “gaýtadan seretmek” meselesi barada aýdanlaryna jogap hökmünde 5-nji ýanwarda Waşingtonda žurnalistleriň öňünde eden çykyşynda şeýle diýdi:

“ABŞ-nyň prezidenti Barak Obamanyň biziň Owganystandaky strategiýamyz babatynda açyk malim edişine görä, ýylyň aýagyndan soň, biziň ýagdaýymyz ABŞ-nyň harbylary üçin Owganystandaky söweş missiýasynyň tamamlanmagyndan ybarat. Indi öz ýurdunyň howpsuzlygy üçin owganystanlylaryň özleri jogapkär” diýip, Ak tamyň metbugat sekretary aýtdy.

Kabul soňky hepdelerde köp sanly hüjümleriň nyşanyna öwrüldi. ”Talyban” hökümet, harby we daşary ýurt edaralaryna hüjüm etdi. Owgan goşunyna garşy hem heläkçilikli hüjümler amala aşyryldy.

XS
SM
MD
LG