Sepleriň elýeterliligi

Apple firmasy ABŞ-nyň hökümetinden täze bir guraly öndürmek üçin patent aldy.

Patent alnan gural - galam.

CNBC-niň maglumatyna görä, şol täze galam bilen islän zadyň ýüzüne hat ýazyp, surat çekip hem çyzuw işlerini ýerine ýetirip, soňra-da şol elde ýazylanlary, çekilenleri we çyzylanlary elektronik enjamlara, meselem, Notebook-a, iPad-a we iPhone-a geçirmäge mümkinçilik bolar. El bilen ýazylanlar, çyzylanlar hem çekilenler öz-özünden kompýuteriň ulgamyndaky monitorda elektron görnüşe öwrüler.

Elektronik enjam galamdan uzakda ýerleşýän hem bolsa, ýazylanlar, çyzylanlar we çekilenler oňa mobil internet arabaglanyşygyna meňzeýän aragatnaşyk ulgamynyň üsti bilen geçirilip bilner.

Galamyň içinde syýa ýa-da başga bir madda bolup biler.

Apple şeýle tehnologiýany ilkinji bolup ulanyşa girizýän firma däl.

“LiveScribe” firmasynyň "Smartpen" diýen guraly hem edil şeýle işi etmäge mümkinçilik döredýär. Ýöne ol galamy bu maksat üçin ulanjak bolsaň, onda ýörite kagyzyň bolmagy hökman.

“LiveScribe” firmasynyň "akylly galamy", ynha, şeýle işleýär:

XS
SM
MD
LG