Sepleriň elýeterliligi

Ýemen: Hüjümde onlarça adam öldi


Ýemeniň polisiýasy paýtagt Sanadaky polisiýa akademiýasynyň öňünde bombaly ulagyň partladylandygyny habar berýär. 7-nji ýanwarda edilen bu hüjümde 30 çemesi adam öldi we 50-den gowragy ýaralandy.

Waka şaýat bolanlaryň we howpsuzlyk çeşmeleriniň berýän maglumatyna görä, kursantlar şäheriň merkezindäki polisiýa akademiýasyna öz arzalaryny tabşyrmak üçin ýygnanan mahaly, janyndan geçen hüjümçi partladyjy serişdeler ýerleşdirilen miniawtobusy partladypdyr.

Henize çenli bu hüjümiň jogapkärçiligini hiç kim öz üstüne almady.

Arap ýarymadasyndaky “Al-Kaýda” hereketi mundan öň amala aşyrylan şuňa meňzeş hüjümleriň jogapkärçiligini öz üstüne alypdy.

XS
SM
MD
LG