Sepleriň elýeterliligi

Kabul: Hüjümde kazy, alty işçi öldi


Owganystanyň resmileri aýry-aýrylykda edilen iki hüjümde ýedi admyň, şol sanda welaýat kazysynyň öldürilendigini habar berýärler.

Polisiýanyň metbugat sözçüsi Hazrat Maşrekiwalyň sözlerine görä, 7-nji ýanwarda Jalalabat şäheriniň gündogaryna edilen hüjümde Lagman welaýatynyň kazysy Mohammad-ul Hassan wepat bolupdyr we onuň iki çagasy ýaralanypdyr.

Bu wakada bombanyň ýoldan geçip barýan ulagdaky adamlar tarapyndan kazynyň awtoulagyna ýerleşdirilendigi çak edilýär. Polisiýa bu hüjümiň oňat planlaşdyrylandygyny aýdýar.

Owganystanyň demirgazygyndaky Baglan welaýat polisiýasynyň metbugat wekili Jawed Başarat ýol gurluşygynda işleýän alty adamyň öldürilendigini habar berýär.

Onuň sözlerine görä, wakada başga-da bir adam ýaralanypdyr we iki sanysy hem ýitirim bolupdyr.

Bu iki hüjümiň jogapkärçiligini henize çenli hiç kim öz üstüne almady.

XS
SM
MD
LG