Sepleriň elýeterliligi

Pakistan: Iki adam dardan asyldy


Pakistanda ýurduň terrorçylyga garşy sudy tarapyndan ölüm jezasyna höküm edilen iki adam dardan asyldy. Bu geçen aý Pakistanda ölüm jezasynyň moratoriýsi, ýagny ýerine ýetirilmesizligi aýrylany bäri, dardan asylan tussaglaryň sanynyň dokuza ýetendigini aňladýar.

Maglumatlarda dardan asylan iki adamyň Pakistanda gadagan edilen “Laşkar-e-Jangwi” atly yslamçy söweşiji toparyň agzasydygy habar berlip, olaryň adam öldürmekde günäli tapylandygy bellenilýär. Gürrüňi gidýän iki tussag 2002-nji ýylda ölüm jezasyna höküm edilipdi.

Olar ýurduň günortasyndaky Multan şäherinde dardan asyldy.

2014-nji ýylyň 16-njy dekabrynda “Talyban” hereketi Peşawar şäherindäki mekdebe hüjüm edensoň, Pakistan terrorizm bilen ilteşikli jenaýatlara girizilen ölüm jezasynyň moratoriýsini, ýagny ýerine ýetirilmesizligini aýyrdy. Agzalan hüjümde 142 çaga we dokuz mugallym öldürilipdi.

XS
SM
MD
LG