Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa: Prawoslaw hristianlar roždestwony belleýär


Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin roždestwo baýramçylygy mynasybetli geçirilýän baýramçylyk ybadatlaryna gatnaşýar.
Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin roždestwo baýramçylygy mynasybetli geçirilýän baýramçylyk ybadatlaryna gatnaşýar.

7-nji ýanwarda prawoslaw hristianlarynyň millionlarçasy roždestwony, ýagny Isa pygamberiň dünýä inmegi bilen bagly baýramçylygy belledi. Russiýanyň liderleri we ençeme orsýetliler gijäň ýary geçirilen baýramçylyk ybadatyna gatnaşdylar. Şol bir wagtyň özünde bu baýramçylyk ybadatlaryna gündogar Ukrainadaky konfliktler kölege saldy.

Prmýer-ministr Dmitriý Medwedew we onuň aýaly Swetlana Moskwanyň baş prawoslaw ybadathanasynda geçirilen baýramçylyk ybadatyna gatnaşdylar.

Moskwada geçirilen çärelere gatnaşmagyň deregine, welaýatlardaky roždestwo üýşmeleňlerine gatnaşýan prezident Wladimir Putin ýönekeý raýatlar bilen raýdaşlygyny görkezmäge çalyşýan ýaly bolup görünýär. Putin Russiýanyň günortasynda Woronež regionyndaky oba ybadathanasynda geçirilen roždestwo ybadatyna gatnaşdy.

Telewideniýede görkezilen şekillerde Putiniň baýramçylyk ybadatyna gatnaşýanlaryň arasynda durup, şem ýakýan pursady görkezildi.

XS
SM
MD
LG