Sepleriň elýeterliligi

Aşgabat: Dellallar harytlary saklaýarlar


Baha nämälimligi sebäpli käbir dellallar öz harytlaryny dükanlardan yzyna hem alyp gidipdirler.

Baha nämälimligi sebäpli käbir dellallar öz harytlaryny dükanlardan yzyna hem alyp gidipdirler.

Täze ýyl baýramyndan soň dükanlaryň tekjeleriniň bir-iki gün boş ýatmagy Türkmenistanda adaty ýagdaý. Çünki Täze ýyl gijesi söwdasynda hemme zat diýen ýaly satylyp gutarýar. Ýöne häzir paýtagtyň kommersiýa dükanlarynyň käbirleriniň tekjeleriniň boşlugy Täze ýyl söwdasy bilen bagly däl.

Paýtagtyň kommersiýa dükanlarynyň satyjylarynyň aýtmaklaryna görä, olara haryt getirýän söwda dillerleri, ýagny dellallar satylan harytlaryň ýerine entek täze harytlary getirmändirler.

Aşgabadyň Parahat mikroraýonyndaky dükanyň satyjysy Aşyr munuň sebäbini anyklamak üçin şol harytlar bilen üpjün edýän dellala jaň edeninde, dellal oňa bahalaryň täzelenjekdigini aýdypdyr.

“Täze nyrh goýjak bolýarlar. Öňküden gymmat bolar. Şol sebäpden harytlary goýbermän saklaýarlar” diýip, Aşyr ýagdaýy öz müşderilerine düşündirýär.

Şol bir wagtda-da täze bahalaryň haçan kesgitlenjekdigi hem näbelli. Aşyryň aýtmagyna görä, baha nämälimligi sebäpli käbir dellallar öz harytlaryny yzyna hem alyp gidýärler.

Gytçylyk

Paýtagtyň kommersiýa dükanlarynyň köpüsinde häzir haryt gytçylygy duýulýar. Eýýäm birnäçe gün bäri öz müşderileriniň adatça gündelik satyn alýan harytlaryny-da satyn alyp bilmeýändiklerini Aşgabadyň Parahat mikroraýonyndaky dükanyň satyjysy Aşyr gürrüň berýär.

Mysal üçin, daşary ýurtlarda öndürilýän soda, gap ýuwulýan serişdeler, diş ýuwulýan pastalar ýaly öý hojalyk harytlary; çagalar iýmiti, şokolad, süýji-köke, kofe ýaly harytlaryň, şeýle-de temmäki önümi bolan çilimiň hem Täze ýyl baýramyndan soň öz dükanyna getirilmeýändigini Aşyr gürrüň berýär.

Täze ýyldan dollaryň kursunyň 21% ýokary galmagy, benziniň A95 markasynyň bir litriniň 60% gymmatlamagy ýurtda harytlaryň we hyzmatlaryň nyrhlarynyň täzeden kesgitlenmegine getirdi.

Käbir harytlaryň täze nyrhlary kesgitlenen bolsa, käbirleriniňki entek anyk däl. Şol sebäpden şol harytlar häzir kommersiýa dükanlarynyň tekjelerinde ýok diýip, Aşyr gürrüň berýär. Şol bir wagtda, harytlaryň köpüsiniň nyrhlary eýýäm täzelenipdir.

Mysal üçin, köne partiýadan galan Neskafe kofeniň 200 gramlyk bankasy bir ýerde 25 manatdan satylýan bolsa beýleki ýerde 28 manatdan satylýar. Ýa-da, öň bir gaby 11-12 manatdan satylan çilimler, indi 14-15 manatdan satylýar.

Özi-de diňe bir daşary ýurtlardan getirilýän harytlar däl, eýse, Aşyryň aýtmagyna görä, ýerli öndürijileriň harytlarynyň hem bahalary üýtgäpdir.

Esasanam, köke-süýji, et-süýt önümleriniň käbir görnüşleriniň bahalary ýokary galypdyr. Mysal üçin, 800 gramlyk gaply “Hekim köke” atly köke öň 4 manatdan satylan bolsa indi 5 manatdan satylýar. “Elin” kompaniýasynyň 500 ml. gaply ýagly süzmesi öň 3 manat 60 teňňeden satylan bolsa indi 4 manat bolupdyr.

Hatda çagalaryň satyn alýan we bahasy ozal 1 manatdan gymmat bolmadyk süýji-kökeleriň hem bahasy ýokary galypdyr. Olaryň arasynda bahasy iki esse ýokary galanlary hem bar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG