Sepleriň elýeterliligi

Baku: Siriýada söweşmekde güman edilýänler saklandy


Azerbaýjanyň häkimiýetleri Siriýada ýaragly toparlaryň düzüminde harby hereketlere gatnaşmakda güman edilýän 10 adamy tussag etdi.

Azerbaýjanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň 7-nji ýanwarda aýtmagyna görä, güman edilýänler bikanun harby hereketlere baş goşmakda, serhetden bikanun geçmekde, bikanun ýaragly toparlary döretmekde we söweşijileri ýarag, harby enjamlar hem partlaýjy serişdeler bilen üpjün etmekde aýyplanýarlar. Resmiler olary Siriýada terrorçylaryň lagerlerinde türgenleşik geçmekde we hökümet güýçlerine garşy göreşýän güýçleriň düzüminde söweşmekde günäleýärler.

Orsýetiň we Kawkazdaky hem Merkezi Aziýadaky öňki söwet respublikalaryň ençemesiniň häkimiýetleri öz raýatlarynyň ýüzlerçesiniň Siriýada “Yslam döwletiniň” düzüminde we “Al-Kaýda” bilen bagly toparlar bilen bilelikde söweşýändigini aýdýarlar.

Soňky aýlarda Kawkazda we Merkezi Aziýada öz ýurtlaryna dolanyp tussag edilýän adamlaryň sany artýar.

XS
SM
MD
LG