Sepleriň elýeterliligi

Täjik raýaty ukrain konfliktinde öldürildi


Täjigistanyň häkimiýetleri öz raýatynyň Ukrainanyň gündogarynda orsýetçi separatistler bilen bile söweşen wagtynda öldürilendigini habar berdiler.

Täjigistanyň Hatlon regionynyň prokurorynyň orunbasary Anwar Nazarzoda ölen adamyň Kurgandepe şäherinde doglan Murodali Barfiewdigini 8-nji ýanwarda žurnalistlere habar berdi.

Ol Barfiewiň Ukrainanyň Donetsk we Luhansk regionlarynyň bir bölegine gözegçilik edýän orsýetçi separatistlere geçen ýylda goşulandygyny aýtdy.

Täjik resmileri öz raýatlarynyň Ukrainanyň gündogarynda söweşýändigi barada ilkinji gezek habar berýärler.

Geçen ýylda Gazagystanyň sudy ýurduň raýaty Ýewgeniý Wdowenkony Luhanskda separatistleriň düzüminde söweşendigi üçin bäş ýyl türme tussaglygyna höküm edipdi. Gazagystanyň we Täjigistanyň kanunlary raýatlaryň daşary ýurtlardaky konfliktlere gatnaşmagyny gadan edýär.

XS
SM
MD
LG