Sepleriň elýeterliligi

Pariž hüjümine jogapkärler gözlenýär


Fransiýanyň polisiýasy reýd geçirýär, 8-nji ýanwar, 2015

Fransiýanyň polisiýasy reýd geçirýär, 8-nji ýanwar, 2015

“Çarli Hebdo” hepdeligine 7-nji ýanwarda edilen we 12 adamyň heläk bolmagyna getiren hüjüme jogapkärleri gözlemek işleriniň çäginde ençeme adam tussag edildi.

Şol bir wagtyň özünde-de polisiýa zenan polisiýa wekiliniň we şäher işgäriniň 8-nji ýanwarda oka tutulyp, agyr ýaralanandygyny habar berdi. iTELE telekanaly ok atyşygyň yzýany iki polisiýa wekiliniň ýerde ýatandygyny habar berdi.

Içeri işler ministri Bernard Kaznew (Bernard Cazeneuve) ok atan adamyň gaçyp gutulandygy aýtdy.

XS
SM
MD
LG