Sepleriň elýeterliligi

Aşgabat hristian ýanamagyň ýigrimiliginde


Aşgabat, Keramatly Alekandr Newskiý ybadathanasy

Aşgabat, Keramatly Alekandr Newskiý ybadathanasy

Türkmenistan we Özbegistan hristianlaryň ýanalýan ýurtlarynyň başky ýigrimiligine girýär.

«Open Doors», halkara derejesinde sahawatçylyk we hukuk goraýyş işleri bilen meşgullanýan «Açyk gapylar» guramasy 7-nji ýanwarda, prowaslawlaryň Roždestwo (Isa pygamberiň doglan senesi) baýramçylygyna gabatlap, «2015-nji ýylyň Ýanamalar indeksini» çap etdi.

Bu indeksde hristian dinine uýýan adamlaryň ýanalýan ýurtlarynyň reýtingi görkezilýär.

Demirgazyk Koreýa - Birinji

Hristianlaryň ýanalýan ýurtlarynyň arasyndaky öňbaşçylyk tapgyr 12-nji ýyl Demirgazyk Koreýa degişli. Indeksde görkezilmegine görä, hristainlar dünýäniň başga ýurtlarynyň hiç birinde Demirgazyk Koreýadaky ýaly gazaply yzarlanmaýar.

«Bu ýurduň türmelerinde we zähmet-düzediş lagerlerinde hristian dinine uýýan 70 müňe golaý adam saklanýar» diýip, indeksiň awtorlary aýdýar.

Dünýä boýunça hristianlaryň iň kän ýanalýan ýurtlarynyň sanawynda ikinji orunda afrika döwleti Somali dursa, üçünji orunda Ýakyn Gündogar döwleti Yrak dur.

Hukuk goraýjylaryň ýazmagyna görä, hristianlaryň ýanalmalary geçen ýyl hususan-da Ýakyn Gündogarda ýokarlanypdyr.

Siriýada raýat urşy başlanmazyndan öň 1,8 million hristian ýaşan bolsa, häzir bu ýurtda diňe 1,1 million hristianyň galandygy aýdylýar.

Yrakdaky «Yslam döwleti» toparynyň jyhadçylary hem hristianlary ýanap, gaçyp gutulmaga mejbur edýärler.

Türkmenistan - Ýigriminji

Halkara «Açyk gapylar» guramasynyň ýanamalar sanawyndaky ilkinji bäşlige Owganystan, ilkinji ýigrimilige bolsa, beýleki ýurtlaryň arasynda Özbegistan, Türkmenistan, Saud Arabystany we Liwiýa hem girýär.

Deňeşdirmek üçin aýdylsa, öňki sowet respublikalary bolan Özbegistan hristianlary ýanamakda 15-nji orunda bolsa, Türkmenistan we Gazagystan degişlilikde 20-nji we 39-njy orunlarda durýar, Täjigistan bolsa 45-nji orny eýeleýär.

2015-nji ýylyň Ýanamalar indeksinde dünýä boýunça azyndan 100 million hristianyň dini ynanjy üçin yzarlanmalara sezewar edilýändigi aýdylýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG