Sepleriň elýeterliligi

German saýtlaryna hüjüm edildi


Orsýetçi kompýuter hakerleriniň topary 7-nji ýanwarda Germaniýanyň hökümetiniň websaýtyna, şol sanda kansler Angela Merkeliň websaýtyna edilen hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne aldy.

KiberBerkut diýlip atlandyrylýan topar Berliniň Ukrainanyň hökümetine “maliýe we syýasy kömek” bermegini bes etmegini talap etdi.

Berkut Kiýewiň köçe polisiýasynyň häkimiýet başyndan çetleşdirilen öňki prezident Wiktor Ýanukowiçi goldaýan protestçilere garşy hereketini agzady.

Toparyň jogapkärçilik barada öz websaýtynda ýerleşdiren beýanaty garaşsyz barlag edilmedi.

Angela Merkeliň metbugat-wekili Steffen Seibert ir sagat 10-da başlanan hüjümiň netijesinde hökümet websaýtlarynyň yzly-yzyna elýeterli bolmandygyny aýtdy.
Ol internet prowaýderiň maglumat merkeziniň “ençeme hüjüme” sezewar bolandygyny we muňa birnäçe daşarky sistemalaryň sebäp bolandygyny habar berdi.

Bu hüjüm Ukrainanyň premýer-ministri Arseniý Ýatsenýugyň Berlinde Germaniýanyň prezidenti Joahim Gauk bilen 7-nji ýanwarda geçiren duşuşygynyň birnäçe sagat öňüsyrasynda boldy.

XS
SM
MD
LG