Sepleriň elýeterliligi

"Türkmenhowaýollary": Halkara reýsler gymmatlady


"Türkmenhowaýollary" gullugyna degişli uçar.

"Türkmenhowaýollary" gullugyna degişli uçar.

Ýurtda dollaryň kursunyň 21% ýokary galmagy bilen “Türkmenhowaýollarynyň” daşary ýurt reýsleriniň biletleriniň ýokary galandygyny bu edaranyň awiakassalarynda habar berdiler. Awiakassanyň işgäriniň aýtmagyna görä, awiabiletleriň bahalary dollaryň täze kursy, ýagny 1 dollar 3,50 manat gatnaşyk boýunça kesgitlener.

Şeýlelikde, eger öň Stambula gidip gelmek üçin iki tarapa biletiň bahasy 1240 manat bolan bolsa, indi ol baha 1527 manat bolar. Minsk şäherine öň iki tarapa biletiň bahasy 1098 manat bolan bolsa, indi ol 1352 manat bolar. Türkmenistanlylaryň beýleki bir has köp ulanýan ugry bolan Dubaýa uçaryň bahasy öň 720 manat bolan bolsa, indi Dubaýa gidip gelmek üçin 890 manat tölemeli bolar.

“Türkmenhowaýollarynyň” awiakassasynyň işgäriniň aýtmagyna görä, awiabiletleriň dollardaky bahalary üýtgewsiz galýar. Emma anyk kimleriň dollar boýunça hasaplaşyk geçirip, awiabilet satyn alyp bilýändiklerini ol aýdyp bilmedi. Şeýle-de ol häzirlikçe diňe daşary ýurt ugurlary boýunça reýsleriň awiabiletleriniň gymmatlandygyny aýtdy. Içerki awiareýsleriň biletleriniň bahalary entäk öňküligine galýar.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň raýatlary “Türkmenhowaýollarynyň” awiabiletlerini milli walýutada, ýagny manatda satyn alýarlar. Onsoň manadyň dollara görä hümmetiniň aşak gaçmagy türkmenistanlylar üçin halkara awiabiletleriň bahasynyň gymmatlandygyny aňladýar.

Ýeri gelende belläp geçsek, iň soňky gezek “Türkmenhowaýollarynyň” daşary ýurt awiareýsleriniň awiabiletleriniň bahalary 2012-nji ýylyň 15-nji iýulynda gymmatladylypdy.

Mundan başga-da...

Şol bir wagtda hem soňky 3-4 aýyň içinde ýurtda transport aragatnaşygynda ýol kireýleriň nyrhynyň ýokarlanmagy diňe bir ”Türkmenhowaýollarynyň” awiabiletleriniň bahasynyň galmagy bilen çäklenmeýär.

Ýatlap geçsek, geçen ýyl ýurtda ýolagçy transporty bilen baglanyşykly ýol kireýiniň bahalary üç gezek gymmatladyldy. Geçen ýylyň 1-nji oktýabryndan şäher içi awtobuslaryň hem bir ugra ýol kireýiniň nyrhy 50% ýokary galdyrylyp, ol 30 teňňä ýetirildi. Awtobuslara umumy ýolagçy ýol peteginiň bahasy hem 8 manatdan 20 manada çenli ýokary galdyryldy.

Mundan başga-da geçen ýylyň 1-nji noýabryndan demirýol ýolagçy gatnawy üçin ýol kireýler gymmatlady. Şonda otly biletleriniň bahasy 100% töweregi ýokary galdyryldy.

Şeýle-de şäherara awtobuslaryň hem ýol kireýleri ýokary galdyryldy. Geçen ýylyň noýabryndan başlap şäherara awtobus gatnawynyň biletleriniň bahasy 50% ýokary galdy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG