Sepleriň elýeterliligi

Täjik-owgan serhedi: Ogurlanan esgerleriň atlary aýdyldy


Täjigistanyň resmileri Owganystanda ýerleşýän topar tarapyndan geçen aýda ogurlanan dört täjik serhetçisiniň atlaryny köpçülige mälim etdi.

Baş prokuraturanyň Hatlon welaýatyndaky edarasynyň 8-nji ýanwarda ýaýradan we täjik serhetçileriniň dekabrda owganlar tarapyndan ogurlanandygy baradaky habarlary tassyklan beýannamasyna görä, şol esgerler 19 ýaşly Farhod Kalonow, 23 ýaşly Siroj Dawlatow, 19 ýaşly Tuiçiboý Nurboýew we 20 ýaşly Mehroj Şodiýew.

Resmi beýannama görä, harby bölümiň ýolbaşçysy Alimuhammad Dodokalonow jogapkärçilige çekilip, geleňsizlikde aýyplanypdyr.

Täjigistanyň Serhet güýçleriniň baş ýolbaşçysy Rajabali Rahmonali 5-nji ýanwarda AÝ/AR bilen söhbetdeşliginde dört esgeriň tiz wagtda boşadyljakdygyny aýtdy.
Ol esgerleri ogurlan tarapyň 9 million dollar möçberde pul talap edendigi baradaky maglumatlary ret etdi.

XS
SM
MD
LG