Sepleriň elýeterliligi

Pariž: Gözleg işleri dowam edýär


Häzirki wagt “Charlie Hebdo” žurnalyna edilen hüjüme gatnaşygy bardyr diýlip güman edilýän birnäçe adam tussag edildi.

Häzirki wagt “Charlie Hebdo” žurnalyna edilen hüjüme gatnaşygy bardyr diýlip güman edilýän birnäçe adam tussag edildi.

Fransiýanyň polisiýasy Parižiň eteginde zenan ofiseriň atylyp öldürilendigini aýdýar. Bu waka yslamçy söweşijiler diýlip şübhelenilýän ýaragly adamlaryň Fransiýanyň “Charlie Hebdo” satiriki žurnalynyň baş binasyna eden hüjüminden bir gün soň boldy. Şol wakada 12 adam wepat boldy.

Polisiýanyň berýän maglumatyna görä, zenan ofiser we şäher işgäri 8-nji ýanwarda Parižiň günorta etegindäki Porte de Chatillon sebitinde atylyp, agyr ýaralanypdyrlar.

Fransuz polisiýasyndaky çeşmäniň “AFP” habar gullugyna aýtmagyna görä, ok geçirmeýän keltekçeli adam awtomatik ýaragdan polisiýany oka tutupdyr.

Dessine wakanyň bolan ýerine baran içeri işler ministri Bernard Kaznew ýaragly adamyň heniz hem ele salynmandygyny mälim etdi.

Bu wakanyň 7-nji ýanwarda “Charlie Hebdo” atly satiriki žurnalyň redaksiýasyna edilen hüjüm bilen haýsydyr bir gatnaşygynyň bardygy ýa-da ýokdugy barada häzirlikçe maglumat berilmeýär. Şol hüjümde yslamçy şygarlary gygyrmak bilen ýüzi örtgüli ýaragly adamlar 12 adamy, şol sanda iki polisiýa ofiserini atyp öldürdiler.

Şol hüjümde pida bolanlaryň hatyrasyna 8-nji ýanwarda tutuş Fransiýada 1 minutlyk dymyşlyk yglan edildi. Hüjümde millionlarça okyjylar tarapyndan tanalýan karikaturaçylaryň öldürilmegi musulman ilaty köp bolan ýurtda dartgynlylygy artdyrdy.

Tussag etmeler

Häzirki wagt “Charlie Hebdo” žurnalyna edilen hüjüme gatnaşygy bardyr diýlip güman edilýän birnäçe adam tussag edildi.

Fransiýanyň premýer-ministri Manuel Walls tussag edilmeleri, ýurtda bu hüjümde pida bolanlaryň hatyrasyna bir günlük ýas yglan eden mahaly mälim etdi. Bu hüjüm Fransiýada onlarça ýylyň dowamynda amala aşyrylan şuňa meňzeş hüjümleriň iň erbedidir.

Fransuz satiriki žurnalynyň binasyna edilen şol hüjüm döwründe hüjümçiler “Allahu akbar”, ýagny “Alla beýikdir” diýip gygyryp, özleriniň “pygamber üçin ar alýandyklaryny” aýtdylar. Bu žurnala ozaldan Muhammet pygamberi masgaralaýjy karikaturalary çap edenligi üçin yslamçy radikallar tarapyndan yzygiderli haýbat atylyp gelinýärdi.

Häzirki wagtda Fransiýanyň polisiýasy ozal 2008-nji ýylda Yraga söweşiji ugradýan topara gatnaşmakda günäli tapylan 32 ýaşyndaky Şerif Kouaçini we onuň 34 ýaşyndaky dogany Saidi gözleýär. Häkimiýetler olaryň “ýaragly we howpludygyny” aýdýarlar.

Fransuz metbugatyndaky maglumatlarda iki sany şübheli kişiniň 8-nji ýanwarda Parižiň demirgazyk-gündogaryndaky ýangyç guýulýan nokady talandygy habar berilýär. Olar Willer-Kotre şäherçesiniň golaýyndaky “stop”, ýagny “dur” belgisine ot açyp, ýangyç guýulýan nokatdan azyk önümlerini we ýangyç ogurlapdyrlar.

Bu merkeziň işgäri žurnalistlere beren maglumatynda ýangyç guýulýan nokady talan adamlaryň daş keşbiniň satiriki žurnalyň redaksiýasyna hüjüm edenlerdir diýlip güman edilýänlere meňzeşdigini hem-de olaryň kalaşnikow awtomaty we reaktiw granat atyjy ýarglar bilen güýçli ýaraglanandygyny aýtdy.

Şondan soň şübheli adamlaryň Pariže tarap ugrandygy habar berilýär.

Premýer-ministr Walls Parižde dünýä inen doganlar Kouaçileriň ýurduň aňtaw gulluklary tarapyndan tanalýndygyny we 7-nji ýanwarda amala aşyrylan hüjümden öň olaryň “gürrüňsiz” yzarlanyp gelnendigini aýtdy.

8-nji ýanwarda Fransiýanyň sud häkimiýetlerindäki çeşmäniň fransuz metbugat serişdelerine aýtmagyna görä, polisiýa doganlar Kouaçileriň ýakyn töweregine girýän erkeklerden we aýallardan ýedi adamy soraga çekipdir.

XS
SM
MD
LG