Sepleriň elýeterliligi

Charlie Hebdo: Musulman ýurtlarynyň metbugatynda...


Pakistanda gazet okaýan adam.

Pakistanda gazet okaýan adam.

Musulman dünýäsiniň metbugat serişdeleri Parižde “Charlie Hebdo” satiriki žurnalynyň binasyna edilen ýowuz hüjüme giň göwrümli dürli-dürli görnüşdäki reaksiýalary çap etdiler.

Eýranda konserwatiw we reformist metbugat serişdeleriniň ikisi hem Muhammet pygamberi masgaralaýjy karikaturalary çap edeni üçin “Charlie Hebdo” neşirini tankyt edip, şuňa meňzeş karikaturalaryň söz azatlygyna degişlidigini ýa-da däldigini sorag astyna aldylar.

“Resalat” atly konserwatiw gündelik neşirinde bu hüjüm yslama garşy metbugat serişdelerine we beýleki toparlara edilýän goldawyň netijesidir diýilýär. “Ekstremistik we yslama garşy toparlaryň we metbugat serişdeleriniň hereketlerini güýçlendirmeklik häzirki wagtda Ýewropada ýüze çykan howpsuzlyk belasyna sebäp boldy” diýlip, agzalan gündelik gazetiň maglumatynda bellenilýär.

“Şark” atly reformaçy gündelik neşiri hem Muhammet pygamberiň karikaturalaryny çap edeni üçin fransuz satiriki žurnalyny tankyt etdi. “Hüjümden soň Fransiýanyň prezidentiniň öz çykyşynda söz azatlygyny gorap çykyş etmegi kabul ederliksizdir. Bu meşhur žurnal yslam dininiň pygamberini kemsidiji karikaturany çap etdi” diýip, “Şark” neşiri ýazdy.

Şeýle-de bu neşir “Eýran ýaly aram musulman döwletler bilen gatnaşyklary gözden geçirmekligiň ikitaraplaýyn düşünişmeklige we ýowuzlyk hereketleriň ýok bolmagyna sebäp bolup biljekdigini” belledi.

Türkiýäniň metbugat serişdeleri Pariždäki gyrgynçylyk barada giň göwrümli maglumatlary çap etdiler. Bu barada ýazylan kommentarier mazmuny boýunça biri-birinden tapawutlanyp, onda wakany ýazgarýan, oňa gynanç bildirýän mazmunly maglumatlar çap edildi.

“HaberTürk” atly gündelik neşiriň işgäri Ruşen Çakyr öz maglumatynda şeýle sorag berýär: “Biz şeýle wagşyçylyk bilen nädip ýüzbe-ýüz bolup bileris?”.

Dini düşünjeli, hökümetparaz türk gazetleri hem Parižde amala aşyrylan hüjümi ýazgarýan mazmunly maglumatlary çap etdiler. “Milli Gazete” atly gündelik neşiriň žurnalisti Ali Baýramogly öz maglumatynda: “Ilki etmeli zadymyz, bu wakany ýazgarmaklyk, ýöne esasy mesele muňa garşy göreşmelidiris we munuň diňe harby çözgütlere bil baglaýan syýasatdan çykmagynyň öňüni almalydyrys” diýdi.

Pariždäki ok atyşyk barada arap ýurtlarynyň metbugat serişdelerinde hem dürli mazmundaky reaksiýalar çap edildi. Olaryň käbirlerinde bu hüjüm ýazgarylsa, käbirlerinde hüjümiň amala aşmagyna fransuz žurnalynyň özüniň sebäpkär bolandygy ýazyldy. Käbir beýleki metbugat serişdeleri bolsa terrorizmiň döremeginde Günbatary we “kolonial syýasaty” aýypladylar.

“Al-Haýat” atly arap neşiri Pariždäki hüjümi ýiti ýazgardy. Waka bu arap neşirinde “Terrorçylar sowukganlylyk bilen Parižiň ýüregini gana çaýkadylar” atly sözbaşy bilen çap edildi.

Müsüriň “Shorouk News” atly neşiri hüjümiň amala aşyrylmagynda “Charlie Hebdo” neşiriniň özüni aýyplady. Bu neşir Pariždäki hüjümi “Fransuz satiriki žurnalynyň pygamberi kemsitmegi, ok atyşyk bilen tamamlandy” diýen sözbaşy bilen çap etdi.

Müsüriň “Al Masry Al Youm” atly metbugat serişdesi hüjümler baradaky maglumaty meşhur “Tamer Amin” telewideniýesi arkaly habar berdi. Bu telewideniýäniň maglumatynda käbir metbugat serişdeleri Pariždäki ok atyşygyň arkasynda “Yslam döwleti” atly toparyň bardygyny öňe sürse-de, “meniň pikirimçe, bu operasiýany “Yslam döwleti” amala aşyrmady diýilýär. Şol bir wagtyň özünde maglumatda “Yslam döwleti” şular ýaly wagtda radikallaryň arasynda abraý almak maksady bilen, bu hüjümi biz gurnadyk diýmegi üçin mümkinçilik döredi” diýilýär.

Merkezi Aziýanyň ýurtlarynda hem Parižde edilen hüjüm barada giň göwrümli maglumatlar çap edildi. Emma metbugatdaky bu reaksiýalaryň aglabasynda betbagtçylygy ýazgarýan we terrorçylygyň halkara problemadygyny aýdýan resmi maglumatlar agdyklyk edýär.

Gazagystanyň birnäçe metbugat serişdesi Pariždäki hüjümde pida bolanlaryň hatyrasyna 30 çemesi gazak žurnalistiniň Fransiýanyň Almatydaky konsulhanasynyň daşynda gül goýdular. Gül goýuşlygy guramalaşdyran Maržan Elşibaýew “Tengrinews” portalyna beren maglumatynda: “Meniň pikirimçe, bu žurnalistleriň öz kärdeşlerini goldaýan adaty reaksiýasy” diýilýär.

Rus dilinde maglumat çap edýän “IslamNews.ru” portaly Geopolitika meseleleri boýunça akademiýanyň wise-prezidenti Leonid Iwaşowyň garaýşyny çap etdi. Bu portalda orsýetli musulmanlar we musulman dünýäsi barada habar çap edilýär. Iwaşow bu portala beren maglumatynda: “Yslam däp-dessuryny, yslam medeniýetini abraýdan düşürmek we ýewropalylary yslama garşy iteklemek üçin “Charlie Hebdo” garşy ok atyşygy Birleşen Ştatlarda planlaşdyrylan ýaly bolup görünýär” diýip, Pariždäki hüjümler bilen baglanyşykly Birleşen Ştatlary aýyplapdy.

Azerbaýjanda bolsa hökümetiň tarapyndaky metbugat serişdeleri azeri prezidenti Ylham Aliýewiň öz fransuz kärdeşi Fransua Ollanda gynanç hatyny çap etdiler. Aliýew öz beýanatynda Azerbaýjan “bu ýowuz waka çuňňur gynanç bildirýär we terrorçylygyň dürli görnüşine garşy amala aşyryljak çözgüdi doly goldaýar” diýýär. Şeýle-de, Azerbaýjanyň “APA” atly habar gullugy Pariždäki hüjümde pida bolanlaryň hatyrasyna gynanç duýgusyny beýan etmek üçin fransuz konsulhanasynda ýörite kitapçanyň döredilendigini habar berdi.

XS
SM
MD
LG