Sepleriň elýeterliligi

'YD' Pariž hüjümine gowy baha berdi


“Yslam döwleti” atly söweşiji topary Fransiýanyň satiriki žurnalynyň binasyna hüjüm eden ýaragly adamlary “gahryman jyhadçylar” diýip häsiýetlendirip, amala aşyrylan ýowuz hüjüme gowy baha berdi.

Metbugat serişdelerine gözegçilik edýän “SITE” atly toparyň maglumatyna görä, 7-nji ýanwarda “Charlie Hebdo” atly satiriki žurnalyň Pariždäki binasyna edilen hüjüm “Yslam döwleti” atly toparyň gündelik gepleşiginiň esasy temasy bolupdyr. Agzalýan söweşiji topar öz maglumatlarynda 12 žurnalistiň we polisiýanyň öldürilmegini “Muhammet pygameberimize goldaw” diýip häsiýetlendirýär.

Pariždäki hüjümi amala aşyran ýaragly adamlar satiriki žurnalyna hüjüm etmek arkaly “pygamberiň aryny almak” isländiklerini aýtdylar. Bu žurnala Muhammet pygamberiň karikaturasyny çap edeni üçin yzygiderli haýbat atylyp gelinýärdi.

XS
SM
MD
LG