Sepleriň elýeterliligi

Pariž: Şübheliler bilen gepleşikler geçirilýär


Fransiýanyň polisiýa işgärleri.

Fransiýanyň polisiýa işgärleri.

Fransiýanyň polisiýasy Parižiň demirgazyk-gündogaryndaky territoriýanyň ýaşaýjylaryny öýünden daşary çykardy. Bu territoriýada fransuz satiriki žurnalynyň binasyna hüjüm eden şübhelileriň ýerleşýändigine we azyndan bir adamy zamun alandygyna ynanylýar.

Fransiýanyň telewideniýesiniň maglumatlarynda polisiýanyň Dammartin-en-Goele (Dammartin en Goýele) şäherçesindäki şübhelileri gabawa alandygy we olar bilen gepleşikleri geçirýändigi habar berilýär.

“AP” habar gullugynyň berýän maglumatyna görä, resmiler wakanyň bolýan sebitiniň golaýynda ýerleşýän Charles de Gaulle (Şarl de Gol) halkara aeroportunyň iki uçar meýdançasyny ýapypdyr.

Fransiýanyň içeri işler ministri Bernard Kaznew (Bernard Cazeneuve) şübhelileri “ýaragsyzlandyrmak” ugrunda operasiýalaryň dowam edýändigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG