Sepleriň elýeterliligi

Pakistanda bir adam öldürildi


Pakistanda ýaragly adamlar iki hepde mundan öň hudaýa şek ýetirmek aýyplamalarynda günäsiz tapylan adamy öldürdiler. Sud gürrüňi gidýän adamyň ruhy taýdan durnuksyzdygy barada karar çykaran soň, ol türmeden boşadylypdy.

Pakistanyň polisiýasynyň 8-nji ýanwarda beren maglumatyna görä, 52 ýaşyndaky Aabid Mehmudyň jesedi Yslamabadyň golaýyndaky Taksila şäherçesinde tapylypdyr.

Polisiýanyň aýtmagyna görä, Mehmud 6-njy ýanwarda ýüzi örtgüli adamlar tarapyndan öýünden alnyp gaçylyp, ol kellesinden atylyp öldürilipdir.

Pakistanyň resmileri Mehmudyň şahsy meseleleri boýunça öldürilip-öldürilmändigi dogrusynda derňewleri geçirýär.

XS
SM
MD
LG