Sepleriň elýeterliligi

Berdimuhamedow: "Pulumyzyň durnuklylygyny ýokarlandyrmaly"


Gurbanguly Berdimuhamedow

Gurbanguly Berdimuhamedow

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni Ministrler kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi.

Türkmen telewideniýesi Mejlisiň gün tertibine 2014-nji ýyl üçin ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň netijelerini jemlemek, ýakyn geljek üçin öňde durýan wezipeleri kesgitlemek bilen bagly meseleleriň girizilendigini habar berýär.

Täze kanunlar

Prezident Berdimuhamedow hökümet maslahatynda «döwletimiziň hukuk binýadyny we ykdysady esaslaryny has-da berkitmäge ýardam edýän täze kanunlary işläp taýýarlamaly» diýdi.

Ol bu ugurdaky sözüni dowam etdirip, ýurduň Konstitusiýasynyň täze proýektiniň taýýarlanyp, sentýabra çenli halk köpçüliginiň ara alyp maslahatlaşmagyna hödürlenmelidigini aýtdy.

Türkmen prezidentiniň döwlet telewideniýesinde efire berlen çykyşynda «oba hojalygynda alnyp barylýan özgertmeleriň, telekeçiligi goldamagyň, maliýe ulgamyny ösdürmegiň, maýa goýumlaryny işjeňleşdirmegiň we ýokarlandyrmagyň hukuk binýatlarynyň berkidilmelidigi» nygtalýar.

Şeýle-de prezident şu günki gün ýurtda tebigy baýlyklary gazyp alýan senagaty ösdürmek, öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak boýunça edilýän işleriň hukuk binýadyny berkidýän kanunlaryň zerurdygyny belläpdir.

Makro-ykdysady meseleler

Mejlisde hökümet başlygynyň orunbasary A.Goçyýewiň makro-ykdysady görkezijiler hakynda, maliýe ministri M.Muhammedowyň ýurduň döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi, maliýe-býujet ulgamynda geçirilen işleriň netijeleri hakynda beren hasabatlary diňlendi.

Döwlet baştutany bu hasabatlary diňläp, ýurt üçin ileri tutulýan urugrlarda ýokary ykdysady ösüş depginlerini saklamak boýunça zerur işleriň edilmelidigini, türkmen manadynyň durnuklylygyny we satyn alyş ukybany ýokarlandyrmalydygyny belläp, şeýle diýdi:

«Bank ulgamynyň esasy wezipesi, edil öňkisi ýaly, puluň hümmetiniň pese düşmeginiň öňüni almakdan, bu görkezijileri göz öňünde tutulan ortaça 6 göterimden geçirmän saklamakdan ybarat.»

Şeýle-de ol pudaklary döwrebap ýagdaýa getirmek we makro-ykdysady görkezijileri deňagramly saklamak boýunça alnyp barylýan syýasaty dowam etmelidigini nygtady.

Mälim bolşy ýaly, 2015-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan Türkmenistanda milli puluň hümmeti dollaryň garşylygynda pese düşürilip, benziniň bahasy hem 60 prosent ýokarlanypdy.

Hökümet maslahatynda bu ýagdaýyň sebäpleri barada anyk bir zat aýdylmaýar, emma resmileriň bir topary işden boşadylyp, bir toparyna bolsa, «işde goýberen kemiçilikleri üçin» diýlip, käýinç yglan edilipdir.

Işden boşadylan resmileriň arasynda Merkezi bankyň müdiriýetiniň başlygy G.Myradow, Döwlet Täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy B.Aşyrow, Türkmengaz döwlet konserniniň başlygy Ç.Hommadow, Döwlet balyk hojalygy komitetiniň başlygy D.Hojamyradow dagynyň atlary getirilýär.

Türkmenistanyň hökümet başlygynyň orunbasary A. Goçyýew, ykdysadyýet we ösüş ministri W.Abdylhekimow, maliýe ministri M.Muhammedow, zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministri B.Şamyradow, Baş döwlet salgyt gullugynyň başlygy Ş.Hümmedow, wise-premýer A.Ýazmyradow, suw hojalyk ministri S.Taganow we ýene birnäçe resmi bolsa, «işde goýberen kemçilikleri» üçin diýlip, käýinç berildi.

Metbugat we gurluşyklar meselesi

Şeýle-de prezident milli telekanallaryň, gazet-žurnallaryň, Medeniýet ministrliginiň işini tankyt etdi.

2015-nji ýylda öňde goýlan wezipeler barada aýdylanda, prezident telekeçiligi ösdürmek üçin 100 million amerikan dollary möçberinde maksatlaýyn karz pul serişdesiniň beriljegini, maldarçylyk önümlerini artdyrmak üçin welaýatlarda ellä golaý häzirki zaman maldarçylyk toplumlarynyň guruljagyny aýtdy.

Şeýle-de 2015-nji ýylda ýurtda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň giň gerimde dowam etdiriljegi aýdylýar.

Ýagny şu ýyl 362 sany iri desga ulanylmaga berilmeli, 10 milliard amerikan dollaryna golaý möçberde maýa goýum serişdeleri özleşdirilmeli, şol sanda paýtagty ösdürmek, Aşgabatda göz öňünde tutulýan binalary we desgalary gurmak üçin serişde goýberilmeli diýip, prezident Berdimuhamedowyň mejlisde eden çykyşynda aýdylýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG